Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hem gatnaşdy we gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.
Ilata döwrebap hyzmatlaryny hödürleýän «Rysgal» PTB golaýda «Internet banking» atly täze hyzmaty ýola goýdy. Ol müşderä banka gelmezden, internet arkaly özara hasaplaşyk üçin pul serişdelerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bankyň müşderisi bu hyzmatyň üsti bilen öz hasabyndaky galyndynyň möçberini, karzlaryň hem-de depozitleriň töleg tertibini, daşary ýurt pullarynyň hümmetini görüp bilýär. Onda işgärleriň aýlyk haklaryny geçirmäge-de mümkinçilik bar. Belläp geçsek, häzirki wagtda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň 90 % bu hyzmatdan peýdalanýar.
Bankyň hödürleýän «Rysgal pay» programmasy bolsa internet arkaly müşderiniň şahsy QR kodunyň üsti bilen töleg geçirmegiň täze görnüşidir. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin müşderiniň aýlyk karty ýörite programma birikdirilýär. Tölegiň dessin amala aşyrylmagy bu ulgamyň esasy aýratynlygydyr.
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň arasynda şertnama esasynda bu bankdan uly möçberli karzlary alyp, ýurdumyzyň iri gurluşyklarynda iş alyp barýan telekeçileriň sany has agdyklyk edýär. Netijede, bankdan alan karz serişdeleriniň hasabyna telekeçiler häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň desgalarynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyklaryna gatnaşýarlar.