1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri
Raşid Meredow Germaniýanyň Bundestagynyň deputaty Peter Baýeriň
ýolbaşçylygyndaky nemes wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün
tertibine seredip geçdiler. Bu ugurda iň ýokary we ýokary derejedäki
gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda geljekki
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem tassyklanyldy. Saglygy goraýyş,
sanlylaşdyrmak, oba hojalygy we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak
pudaklary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen
baglylykda, R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german
iş toparyny işjeňleşdirmegiň hem-de işewürlik forumlaryny guramak arkaly söwda
we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.
Gepleşikleriň
dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky parlamentara gepleşiklere
hem üns berildi.