Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet
köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy
mynasybetli umumy sapak geçdi.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany ösdürmekde
döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp berdi. «Türkmenistan:
Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözlerine görä,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başyny başlan
özgertmelerimiz barha rowaçlanýar.
«Täze taryhy döwürde uzak geljegi nazarlaýan «Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy»
kabul edilip, berkarar Watanymyzda ösüşleriň ýeňişli we şöhratly ýollary
geçilýär» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Gahryman Arkadagymyz ylmyň gazananlary we innowasiýalar
esasynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak hem-de
senagatlaşdyrmak boýunça işleri üstünlikli dowam edýändigimizi aýtdy.
«Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji
tapgyryny, sebitlerimizde häzirki zaman obalaryny, şäherçeleri, kiçi, orta we
iri senagat önümçiliklerini, döwrebap ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny, ýokary
tizlikli awtomobil ýollaryny gurýarys» – diýip, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
«Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini,
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýan özgertmelerimizi üstünlikli
amala aşyrýarys» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýratyn üns çekdi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»