1-nji sentýabrda –  ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde täze bilim edaralarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, okuw-terbiýeçilik toplumy, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdepler we çagalar baglary bar.

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyz Aşgabatda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de ýokary, orta hünär we umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary gapylaryny giňden açdy. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde täze bilim edaralarynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy bilim işgärlerine, talyplara, okuwçylara hem-de körpelere ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Açylyş dabarasynyň dowamynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna halkara güwänamalaryň birnäçesi gowşuryldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň täze okuw ýylynda Arkadag şäherinde açylyp ulanmaga berlen ençeme bilim edaralary ýurdumyzda ozal bar bolan bilim ojaklarynyň üstüni ýetirdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi