Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ilatymyz üçin
has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa»
döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak
şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň, şol sanda 4 gatly 6 sany 32
öýli, 4 sany 40 öýli we 2 sany 60 öýli ýaşaýyş jaýynyň, 1 sany 320 orunlyk
umumybilim berýän orta mekdebiň, 1 sany 120 orunlyk çagalar bagynyň, 1 sany
söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri
abadanlaşdyryp gurmak barada «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy bilen şertnamany,
ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw
üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de
desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek
şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr
aýynda başlamak hem-de ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny 2026-njy ýylyň
noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.