31-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri, şeýle hem ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Halkara konwensiýanyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça geçirilen çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň deputaty ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde Ženewa şäherinde iş saparynda boldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, halkyň saýlanlary içeri we daşary döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny, ähmiýetini düşündirmek hem-de wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekdäki ähmiýetini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler hem-de maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem standartlaşdyrmak we ygtyýarlandyrmak ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, düzümleýin edaralary, şol sanda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň barlaghanalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň hiliniň bellenen talaplara laýyklygyny berjaý etmek boýunça wezipeleri çözmekde standartlaşdyrmaga möhüm ornuň degişlidigini belledi. Bu ulgamda geçirilýän işler bäsdeşligiň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine mümkinçilik berýär, çykarylýan önümleriň hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşigi tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini maksadalaýyk ulanmak, pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we önümçilige öňdebaryjy energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow M.Rozyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä G.Garlyýew bellenildi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň täze ýolbaşçysyna wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça bugdaý ekişi möwsümine hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaý ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri we ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Welaýatlarda pagta ýygym möwsümine başlamak boýunça görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny öz wagtynda ýygnap almak hem-de pagta ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Häzir gallaçy we pagtaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýetip geldi diýip, döwlet Baştutanymyz bu möwsümleri agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hormatly ýaşulularymyza bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «Bismilla!» bilen başlap bermekleri baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna we pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ene toprakdan bol hasyl almagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan pudaklaýyn kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we ondan has netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, himiýa önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýerli çig mal esasynda tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmak, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini kämilleşdirmegiň hem-de onuň garamagyndaky kärhanalary taslama kuwwatlyklaryna çykarmagyň, ýurdumyzda ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň zawodlarynyň hünärmenleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň depginli ösdürilmegi bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, konserniň garamagyndaky zawodlaryň hünärmenleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 4 gatly 472 hojalyga niýetlenen Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň hem-de söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygy bilen bagly taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmeginde gurluşyk we senagat toplumyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy hem-de ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan mundan beýläk-de uly goldaw beriljekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu sergi Kataryň paýtagty Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» diýen şygar bilen geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, milli pawilýonyň daşky we içki bezegi boýunça hödürlenýän taslamalar hem-de onuň şygary barada habar berildi. Mundan başga-da, myhmanlara we bütindünýä sergisine gelýänlere görkeziljek ekspozisiýalar, geçiriljek tanyşdyryş çäreleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň howandarlygynda geçirilýän EKSPO sergi meýdançalarynda öz mümkinçiliklerini üstünlikli görkezýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň sergi bölümi Watanymyzyň täsin tebigatyny, baý haýwanat we ösümlik dünýäsini, ekologiýa meselelerini çözmekde gazanýan üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezmelidir. Türkmen pawilýonynyň bezeginde milli äheňleri we öňdebaryjy tehnologiýalary sazlaşykly utgaşdyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de wise-premýere öňümizdäki bütindünýä sergisine göwnejaý taýýarlyk görmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda dürli maslahatlar, sergiler, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň jemini jemlemek çäresi, halkara mediaforumlar, baýramçylyk konserti bar. Şanly sene mynasybetli sahna oýunlarynyň, kinofilmleriň ilkinji görkezilişini guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär, metbugatda eziz Watanymyzyň berkararlygyny wasp edýän makalalar çap edilýär.

Wise-premýer şeýle hem 27-nji sentýabrda geçiriljek çäreler, şol sanda dabaraly ýörişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 14-15-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde halkara kinofestiwaly geçirmegiň meýilleşdirilýändigi hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň ähmiýetini belledi we baýramçylyk dabaralarynyň ählisiniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Wise-premýere meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza ösüp gelýän nesil baradaky aladalary, bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu ulgamyň ähli işgärleriniň adyndan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýokary bilimli, giň gözýetimli ýaşlary terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde halkara ylmy maslahatlary, sergileri, bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Olar ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň noýabr aýynyň 14 — 17-si aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly Himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu olimpiada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň halkara ähmiýetli çäreleriniň birine öwrüler. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň talyplarynyň halkara olimpiadalaryň birnäçesine üstünlikli gatnaşandyklaryny kanagatlanma bilen belledi we sanly ulgam arkaly himiýa dersi boýunça geçiriljek olimpiadanyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Soňra wise-premýer şu ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň biraýlygynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri göz öňünde tutulyp, geçiriljek çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça her ýyl geçirilýän çäräniň oňat netije berýändigini belledi. Ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň azalýandygy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere içeri işler ministri bilen bilelikde, welaýatlaryň häkimleri we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, orta mekdepleriň müdirleri bilen sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly nobatdaky biraýlygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada soňra hasabat bermek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howanyň üýtgemegi ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Howanyň üýtgemegine, daşky gurşawy goramaga, tebigatdan rejeli peýdalanmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli meseleler boýunça dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin milli, sebit we halkara derejede degişli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Howanyň üýtgemegi baradaky Pariž şertnamasyny we ekologiýa meseleleri boýunça kabul edilen beýleki köptaraplaýyn resminamalary durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna birnäçe degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde klimat tehnologiýalary boýunça merkezi açmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda ilkinji ädim hökmünde Türkmenistan bilen BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) arasynda ýurdumyza we Merkezi Aziýa döwletlerine klimat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryny ösdürmek baradaky Ähtnamany baglaşmak teklip edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Pariž şertnamasyny ýerine ýetirmeginiň çäklerinde degişli Ýol kartasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär.

Şeýle hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça bilime we ekologik terbiýä uly üns berilýär. Şundan ugur alnyp, şu ýylyň 21-nji noýabrynda howanyň üýtgemegi boýunça Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek ýaşlaryň 18-nji maslahatynyň (СOY-18) we BMG-niň maslahatynyň (СOP-28) öňüsyrasynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyny geçirmek teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we hödürlenen teklipleri makullap, ekologiýa, tebigaty goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan bu möhüm ulgamda öňde goýlan wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ilerletmek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi hem dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna saldamly goşant bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ekologiýa we howa meselelerine degişli anyk halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň goldaw bermeginde Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça merkezi açmak baradaky teklip bar.

Ýurdumyz mundan beýläk-de şu mesele boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň dialogy ösdürmegi hem-de şu maksatlar bilen Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly düzümler bilen yzygiderli gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde milli flotuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberip, ulag ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň öz wagtynda hem-de talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, «Kosmos işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň çäginde hem-de kosmos giňişliginde kosmos ulgamlaryny peýdalanmagyň Kadalarynyň taslamasy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň özüniň ilkinji «TürkmenÄlem52oE» emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna girendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, älem giňişligini öwrenmek, bu ulgamdaky işiň hukuk-guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kemala getirmek boýunça degişli işleri amala aşyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir — 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilip geçiljekdigini nygtady. Şu mynasybetli döwrebap bilim edaralarynyň, okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň birnäçesi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler, şeýle hem birnäçe okuw mekdepleriniň täze binalarynyň düýbi tutular.

Baýramçylyk dabaralary ähli bilim işgärleriniň, geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlardyr. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýdyp, ylmyň we bilimiň adamyň durmuş ýolunda üstünlik hem-de abraý getirýän gymmatlyklardygyny belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine we öňdebaryjy tejribelere laýyk ösdürmek möhüm wezipedir. Ýaş nesilleri milli hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksadydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ulgam geljekde hem yzygiderli ösdüriler we kämilleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary, şeýle hem bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlarymyzy Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemledi we hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, zähmetde, okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi