26-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag
şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän
desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp
barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu
barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen
ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri
hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň nusgalyk şäherine öwrülen Arkadag
şäherinde alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna we ýokary halkara
görkezijilere kybap gelýändigini bellemek gerek. Bu ýerde alnyp barylýan işler
Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar.
Ir bilen
türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça
döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew
garşyladylar hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdiler.
Gahryman
Arkadagymyz gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary
we şekil taslamalary bilen tanyşdy. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow muzeýiň gurluşygyna, onuň içki bezeg aýratynlyklaryna hem-de
milli öwüşginlerde bezelmegine degişli taslamalary synlap, ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylmagyna, şeýle hem muzeýde milli gymmatlyklaryň goýulmagy bilen
bagly meselä ünsi çekip, olaryň oýlanyşykly ýerleşdirilmegine aýratyn üns
berilmelidigini belledi.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow muzeýiň içki bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän
serişdeler, olaryň görnüşleri hem-de binanyň yşyklandyryş ulgamlary barada
hasabat berdi.
Türkmenistanyň
at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz özüniň toplan baý tejribesine
laýyklykda, täze binanyň bezeg işlerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini,
şol bir wagtyň özünde onuň reňk aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini
belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri binanyň diwarlary babatda
bolşy ýaly, onuň üçeginiň bezegine-de täzeçil usulda çemeleşmegiň wajypdygyny
nygtady. Şunda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň
teklipleriniň, täzeçil garaýyşlarynyň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir
diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şeýle hem
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň gurluşygynyň
ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň, hususan-da, muzeýiň hem-de şäheriň
Baş metjidiniň içki we daşky bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän mermer
daşlaryň görnüşleri görkezildi.
Gahryman
Arkadagymyz mermer daşlaryň muzeýiň we metjidiň diwarlarynda bolşy ýaly, içki
sütünleriň bezeg işlerinde hem ulanylmalydygyny belläp, olaryň binagärlik
aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda,
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa muzeýiň basgançaklarynyň we
sütünleriniň görnüşleriniň taslamalarydyr çyzgylary görkezilip, olar barada
giňişleýin hasabat berildi.
Gahryman
Arkadagymyz her bir desganyň bezeg işleriniň özboluşly ähmiýetine laýyk
gelmelidigini, binada ýerleşdirilýän häzirki zaman enjamlarynyň talabalaýyk
ornaşdyrylmalydygyny, olaryň göze gelüwlilik derejesine zerur üns
berilmelidigini aýdyp, bu babatda birnäçe öwüt-ündewlerini berdi.
Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda şäheriň
muzeýiniň we Baş metjidiniň daşky görnüşlerine degişli birnäçe belliklerini
aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işler, binalaryň ýanaşyk
ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy dag eteginde ýerleşýän täze şäheriň ekologiýa
derejesine doly laýyk gelmelidir.
Arkadag
şäherinde baş metjidiň gurulmagynyň türkmen halkynyň asylly ýörelgelere
ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz ähli gurluşyk
işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyna
ünsi çekdi hem-de görkezilen taslamalara käbir düzedişlerini girizip, olary
ýerine ýetirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Köpetdagyň belent gerişleriniň
birinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň
görnüşleri görkezildi. Gahryman Arkadagymyz olary synlap, ýazgynyň uzaklardan
görünmelidigini, onuň göze gelüwli, özüne çekiji bolmalydygyny, aýratyn-da,
ýazgynyň yşyklandyryş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda
çemeleşilmelidigini belledi.
Gahryman
Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň
taslamalary bilen tanyşlygynyň dowamynda nobatdaky tapgyrda, esasan,
senagat-önümçilik toplumlarynyň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini belledi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň
berkidilmegine möhüm üns berilýändigini nazara alyp, Arkadag şäheriniň ikinji
tapgyrynyň desgalarynyň gurluşygynda ekologiýa meselelerine uly üns
berilmelidigini belledi.
Täze
şäherde döwrebap lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli
enjamlaryň önümçiligi boýunça häzirki zaman senagat toplumlarynyň gurluşygy
meýilleşdirildi. Aýratyn-da, türkmen topragynda bitýän ösümliklerden
lukmançylyk serişdeleriniň taýýarlanylmagyna zerur üns berler. Munuň özi,
birinjiden, taýýarlanylýan serişdeleriň özüne düşýän gymmatyny peseldýär,
ikinjiden bolsa olar ynsan saglygy üçin peýdalydyr.
Bellenilişi
ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde, saglygy goraýyş, ýeňil we
azyk senagaty ulgamlaryna degişli desgalary gurmak meýilleşdirilýär, olar iri
toplumlar bolar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, alym Arkadagymyz
desgalaryň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny,
gurluşyk serişdeleriniň hiline we ekologiýa derejesine aýratyn üns
berilmelidigini nygtady. Şunda senagat desgalarynyň daşky gurşawa ýaramaz
täsiriniň öňi alynmalydyr.
Gahryman
Arkadagymyz bu ýerde Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň binasynyň ýerleşjek ýerini kesgitläp
berdi.
Ekilmegi
meýilleşdirilýän baglaryň we gülleriň görnüşlerine möhüm ähmiýet berilmelidir,
seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenilmelidir
diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara alnyp
barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň
häkimliginiň maslahatlar zalynyň enjamlaşdyrylyşy, onuň bezeg aýratynlyklary
bilen tanyşdy. Bu ýerde dürli derejedäki maslahatlary we halkara ähmiýetli
forumlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz zalyň enjamlaşdyrylyşyna, onuň sanly ulgam
bilen üpjünçiligine, yşyklandyryş derejesine aýratyn üns berilmelidigini
nygtady we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň
hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi.
Gahryman
Arkadagymyz şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar
boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi
çekip, saglyk, azyk we beýleki maksatly desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyny
yzygiderli gözegçilikde saklamak bilen, olaryň göze gelüwliligine, önümçilik
kuwwatlylygyna uly ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň
başlygy D.Orazow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän
ägirt uly mümkinçilikleriniň netijesinde şähergurluşyk işleriniň üstünlikli
alnyp barylýandygy, gurulýan desgalaryň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigi
we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygy barada hasabat berdi.
Gahryman
Arkadagymyz gurluşyklaryň depginini birjik-de gowşatmaly däldigini, bu wezipä
örän jogapkärli çemeleşilmelidigini, halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy
ugrunda ähli tagallalary gaýgyrman, şol işlere yzygiderli gözegçilik etmegiň
zerurdygyny belledi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy
meýilleşdirilýän senagat desgalarynyň daşky gurşawa zyýan ýetirmezden,
ekologiýa howpsuzlygyna degişli birnäçe görkezmeleri berdi hem-de öndüriljek
önümleriň ýokary hilli bolmalydygyny, munuň bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň
artdyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Arkadag
şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly
Serdarymyza şäheriň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan bagtyýar durmuşda ýaşamaga
döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdi. Watandaşlarymyzyň ençemesi döwrebap
ýaşaýyş jaýlaryna göçüp geldiler. Şol öýlerde durmuş zerurlyklarynyň ählisi göz
öňünde tutulandyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň dünýädäki sport
abraýynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny belläp, täze şäherde iri halkara sport
ýaryşlaryny, türgenleşikleri geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň
döredilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň
Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny
geçirmek hakynda degişli Karara gol çekdi. Bu iri ýaryşa gatnaşjak türkmen
türgenlerine Arkadag şäherinde ýokary derejede türgenleşik geçmekleri üçin
mümkinçilikler döredilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu
işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine barýan
şaýoluň ugrunda, ýagny Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Polatly monumentiniň
töwereginde saklandy. Bu ýerde dag belentliginde ýerleşdiriljek Arkadag
şäheriniň adynyň ýazgysynyň şekil taslamalary görkezildi. Türkmen halkynyň
Milli Lideri taslamalar boýunça gurluşyk babatda öz baý tejribesine salgylanyp,
desgalarda we beýleki ýerlerde ýerleşdirilýän ýazgylara, göze gelüwli we
döwrebap görnüşde boljak gijeki yşyklandyryş ulgamyna degişli birnäçe
maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlerde häzirki zamanyň ösen
tehnologiýalaryna esaslanylmalydygyny belledi we hemmelere alyp barýan
işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.