Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda Türkmenistanda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary
ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymdan gelýän
hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp,
Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup
geçendigini göz öňünde tutup, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma
senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk
önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýa Federasiýasynyň
Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek
tabşyryldy.
Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp,
Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan asylly işleriň,
ata-babalarymyzyň mätäç adamlara kömek bermek ugrundaky gadymy däpleriniň
häzirki wagtda-da dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmenistan dostlukly döwlete kömek goluny uzatmaga
hemişe taýýardyr. Ejir çeken rus çagalaryna ýurdumyzdan ynsanperwerlik ýüküni
ugratmaga jogapkärçilikli çemeleşildi. Ýerine ýetirilen işler döwletimiziň dünýä
derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de ynsanperwer
maksatlara ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.