Häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we
dostlugy, şol sanda azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm
ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Bitarap Watanymyz döwletara derejede,
şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň we netijeli hyzmatdaşlyga
ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentliginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan BMG we onuň
ugurdaş düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen,
sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini
işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde
ýurdumyzyň öňe sürýän anyk başlangyçlary häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur
alyp, uzak möhletli geljek üçin köpugurly halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmäge gönükdirilendir.
Şu ýyl BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba
hojalyk guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş
Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça
iri halkara forumy geçirmek baradaky teklibi öňe sürer. Bu barada 28-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň
mejlisinde hasabat berildi.
Obasenagat
toplumynyň ähli kuwwatlyklaryndan doly derejede peýdalanmak, önüm öndürijilere
goldaw bermek, azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli önümleriň
önümçiligini artdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça
toplumlaýyn çäreleri öz içine alýan düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda
ýurdumyzyň oňyn tejribesiniň bardygyny bellemek gerek.
Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä
tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy
hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns
berilýär.
Türkmenistanyň
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen obasenagat toplumyny durnukly
ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly
ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Gurama oba hojalygyny daşky gurşawyň
täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden azyk önümleriniň
howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar.
2015-nji
ýylda ýurdumyzyň üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk
howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin Birleşen Milletler
Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp bolandygyny
bellemelidiris.
Ýurdumyzda
azyk ulgamynda sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge
gönükdirilen dürli çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň BMG we onuň
ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Azyk we oba hojalyk guramasy bilen ýakyn gatnaşyklaryň
netijesidir. Munuň şeýledigine ýer kadastry boýunça tehniki hyzmatdaşlygyň
maksatnamasynyň bilelikde işlenip düzülen taslamasy hem şaýatlyk edýär. Ol
ýerleriň ulanylyşynda esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge, durnukly usullary
ornaşdyrmaga we gyzyklanma bildirýän ähli taraplara ýer serişdelerine deň
elýeterliligi üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Haçanda
azyk howpsuzlygy we iýmit üpjünçiligi barada gürrüň edilende, häzirki wagtda
howanyň üýtgemegi dünýäde iň üns berilmeli meseleleriň biri bolmagynda galýar.
Howanyň üýtgemegine durnuklylyk, onuň täsirlerini peseltmek we uýgunlaşmak
boýunça çäreler bu hadysanyň azyk howpsuzlygyna, ekoulgama ýetirýän ýaramaz
täsirlerini azaltmaga şert döredýär. Şunda halkara hyzmatdaşlyk sebit hem-de
ählumumy azyk we daşky gurşaw meselelerini çözmekde möhüm binýat bolup durýar.
Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň ählumumy azyk meselelerini çözmek boýunça tiz we
netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge çagyrýan ýurtlaryň biri hökmünde degişli
ugurda duşuşyklary, maslahatlary hem-de beýleki çäreleri geçirýändigini
bellemek gerek.
Şu ýylyň
16-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň
Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger
Andersen bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hem-de
BMG-niň degişli düzüminiň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti
bellenildi. Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellemek bilen, daşky
gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli
peýdalanmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, geljegini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Ýurdumyzda
azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, howanyň üýtgemegi baradaky Milli
strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli çäreler
durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak
boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelerde
ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, ekologik ugra uly ähmiýet
berilýär.
Türkmenistan
bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak bilen, bu wezipeleri çözmek üçin
geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly orny
eýeleýär. 13 — 15-nji fewralda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde
geçirilen Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň
agzalarynyň BAE-niň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça ministri, Bütindünýä
Söwda Guramasynyň Baş direktory, Wýetnamyň daşary işler ministriniň orunbasary
bilen duşuşyklary geçirildi. Gepleşiklerde dünýä derejesinde Durnukly ösüş
maksatlarynyň wezipelerini amala aşyrmakda, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen
bagly meselelerde döwletleriň we halkara guramalaryň tagallalaryny
birleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň
Hökümetiniň hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), BMG-niň
ýurdumyzdaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň goldaw bermeginde 9-njy
martda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy
boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa
döwletleriniň oba hojalyk ministrleriniň duşuşygy boldy. Forumyň gün tertibine
azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda sebit we ählumumy
hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi. Hususan-da, dünýäniň oba hojalyk
önümçiliginiň bökdençsiz işledilmegi üçin howanyň üýtgemeginiň, azyk ulgamynyň
we durmuş-ykdysady şertleriň berk özara baglanyşyklydygy daşky gurşawa
ýetirilýän ýaramaz täsirleri peseltmek hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny
azaltmak üçin ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmagyň
zerurdygy, azyk önümlerini ibermegiň durnukly ulag ulgamlarynyň döredilmeginiň
wajypdygy nygtaldy. Umuman, forum azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm
ugurda sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak üçin açyk meýdança boldy.
10-11-nji
martda Daşary işler ministrliginde “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk
howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak üçin
Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidenti, Daşky gurşawy
goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege, BMG-niň Azyk we oba hojalyk
guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit
wekili Wladimir Rahmanin bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda
azyk we ekologik howpsuzlyk, tebigatdan rejeli peýdalanmak, hususan-da,
çölleşmä hem-de gum tupanlaryna garşy göreşmek, suw ulgamynda tagallalary
utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
20-nji
martda Wena şäherinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň
ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory M.Grossi bilen geçirilen duşuşykda
saglygy goraýyş we azyk howpsuzlygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine
garaldy.
Häzirki
günde sebitiň we dünýäniň ýurtlarynyň öňünde obasenagat toplumyny has netijeli,
daşarky täsirlere hem-de ýüze çykýan täze şertlerdir wehimlere uýgunlaşmaga
ukyply görnüşe getirmek ýaly möhüm wezipe goýuldy. Şunuň bilen baglylykda,
howanyň üýtgemeginiň oba hojalygyny alyp barmakdaky däp bolan tejribä
üýtgeşmeleri girizýändigini, munuň bolsa dessin çäreleriň görülmegini talap
edýändigini bellemek möhümdir. Türkmenistan daşky gurşaw boýunça sebitara
gepleşiklerde başlangyçly orny eýelemek bilen, bu ugurda hyzmatdaşlygyň
ösdürilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýär.
Azyk
howpsuzlygynyň ähmiýeti howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda hem ykrar
edilýär. Köp ýurtlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we olaryň täsirlerini
peseltmek boýunça meýilnamalarynda, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyna uly
orun bermegi munuň subutnamasydyr. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin durnukly
oba hojalyk tejribeleriniň ulanylmagy Merkezi Aziýa döwletleri üçin hem ileri
tutulýan ugurdyr.
Birleşen
Milletler Guramasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Beýik
Britaniýanyň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda her ýylda Ýaşlar maslahaty
geçirilip, onuň çäklerinde Pariž ylalaşygyny ýerine ýetirmek boýunça taraplaryň
maslahatynyň ýokary wezipeli wekillerine ýüzlenme kabul edilýär.
Iýun aýynda
geçirilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak
boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly
ylmy-amaly maslahata sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak
boýunça düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň,
ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly sebit we
halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça
maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň
sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça
jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy “Hemra suratlarynyň we geografik maglumat
ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak”,
“Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek” ýaly başlangyçlaryň
çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge meýillidigini mälim etdi.
Şeýle hem ylymda iň soňky gazanylanlaryň, suw serişdelerini tygşytlaýan
döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna suwuň netijeli
ulanylmagy we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi oba hojalyk toplumynda
amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň aýrylmaz düzümini eýeleýär.
Häzirki
döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz BMG-niň
çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýleki abraýly guramalardyr
düzümler bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýär.
Munuň şeýledigine 2022-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda “Merkezi Aziýa sebitinde
howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny
üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly
meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen geçirilen
bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty hem şaýatlyk edýär.
Maslahatdaky
çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýokary derejede geçirilýän dürli
forumlarda öňe sürýän, hususan-da, Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi
bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw
strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp
taýýarlamak hem-de Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek,
Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak ýaly toplumlaýyn netijeli
başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.
Şu ýylyň 15 — 19-njy maýynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş
komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň
netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu komissiýanyň «Birleşen
Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň
döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.
Bularyň ählisi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň barha artýan halkara abraýyny
tassyklaýar.
Şu ýylyň iýun aýynda Duşenbe şäherinde (Täjigistan
Respublikasy) geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG)
müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine we AHHG-niň döredilmeginiň 30 ýyllygyna
bagyşlanyp, «Merkezi Aziýa: güýçli sebitleýin institut arkaly durnukly geljege
tarap» atly halkara maslahata Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz
Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri, AHHG-niň Ýerine
ýetiriji komitetiniň agzalary, şeýle-de onuň düzüm birlikleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Mejlisde Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek
boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi,
AHHG-niň guramaçylyk gurluşyny we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça iş toparynyň alyp baran işleriniň netijeleri, guramanyň 30 ýyllygyna
bagyşlanan ýubileý çäreleriniň guramaçylygy we geçirilişi bilen bagly meseleler
ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol
çekildi.
Ýurdumyzda bu ulgamy düzgünleşdirýän kanunçylyk-hukuk
binýadynyň kemala getirilýändigini, yzygiderli kämilleşdirilýändigini,
biodürlüligi gorap saklamak, täze tokaý we seýilgäh zolaklaryny döretmek,
“ýaşyl” ykdysadyýeti hem-de ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek boýunça uly
işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň
ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça
giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz
täsirlerine garşy ählumumy göreşe goşulýan anyk goşantdyr.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we
sarp edilýän zerur önümlere import garaşlylygyny azaltmak boýunça möhüm çäreler
amala aşyrylýar, gymmatly tejribe toplanylýar, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň
gerimi giňeldilýär.