Geçen hepdede
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si
hasaba alyndy.
Daşary ýurt
puluna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet
konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, şeýle hem «Türkmenhimiýa»
döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bu barada
Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Ýurduň
işewürleri içerki bazar üçin bahasy 7 million manatlyk gurluşyk materiallaryny
satyn aldylar.
Mundan
başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň,
Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary,
tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata we nah
ýüplügi, trikotaž matalary, öý hojalyk himiýa önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 40 million 791 müň dollaryndan gowrak boldy.