14-nji
awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni
alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen
Kaha Imnadzeni kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar
agentligi kabul etdi.
Diplomat
duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs
ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary
Antoniu Guterrişiň iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we
ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk
meselelerinde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň orny bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan
edip, jenap Kaha Imnadzeni BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy
wezipesine bellenmegi bilen gutlady.
Duşuşygyň
dowamynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň
häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi bellenildi. Sebitiň ýurtlary
ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine
netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny
ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze
görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi
nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit merkeziniň alyp barýan möhüm işiniň
üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, BMG bilen köpugurly
hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň we giňeldilmeginiň Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyz Birleşen Milletler
Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, köp ýyllaryň dowamynda BMG we onuň
ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär hem-de dürli
ulgamlardaky hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.
Şeýle hem
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda hem-de goňşy döwletleriň we
Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde Aşgabatda esaslandyrylan
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen
ýakyndan hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni
alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilen gününden bäri geçen 15
ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özüni häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň
çözgütlerini işläp taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen birleşdirýän netijeli meýdança hökmünde görkezdi.
Jenap Kaha
Imnadze hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebit merkeziniň işine berýän hemişelik
goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň sebitde
we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara düşünişmek we ynanyşmak
ýagdaýynyň döredilmegine, netijeli syýasy-diplomatik dialogyň ilerledilmegine
saldamly goşant goşýandygyny nygtady. Diplomat ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň
baý tejribesine hem-de uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş
sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze Türkmenistan bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk
hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň bähbidine
mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.