12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň
kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.
Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlary,
şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak
boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasynyň) güýje giren gününde
geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu
ýylda bu resminamanyň gol çekilenine 20 ýyl doldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar
bermegine görä, baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde şu gün Awazada ylmy-amaly
maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň
aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.
Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagyndaky «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi – dostluk we
ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat bilen açyldy. Maslahaty Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Daşky gurşawy goramak ministrligi
hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi gurady.
Utgaşykly görnüşde geçen foruma hökümet agzalary,
Mejlisiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, ugurdaş düzümleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary
gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda hazarýaka döwletleriň, şeýle hem Gruziýanyň
we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara we sebii
guramalarynyň – BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş
maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky
maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky
merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Germaniýanyň halkara
hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri
gatnaşdylar. Olar öz çykyşlaryndanaşyjylar onuň netijelerini jemläp, Hazar
deňzi sebitinde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy saklamagyň möhümdigi
barada gyzyklanma bildirýän ählitaraplaryň garaýyşlarynyň birdigini nygtap,
Hazaryň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek hem-de onuň umumy
abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän kuwwatyny ösdürmek işinde
halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda pikirlerini
beýan etdiler.
Bu ýere ýygnananlar maslahaty geçirmek üçin döredilen
ajaýyp şertler, şeýle hem tebigaty goramak we Hazar deňziniň daşky gurşawyny
gorap saklamak baradaky ýadawsyz aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çeşme: