11-nji
awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir säher bilen
Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de “Awaza” sport toplumynda
bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet
habarlar agentligi habar berýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek,
jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz
etmek boýunça öňe süren başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýär.
Säher bilen
Günüň dogýan çaglarynda Hazaryň kenarynyň howasy, aýratyn-da, “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynyň gurşawy ynsan üçin ýakymlylygy bilen tapawutlanýar.
Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, deňziň kenarynda ýokary
ekologik derejäni saklamak boýunça giň gerimli işleriň oňyn netije berýändiginiň
aýdyň beýanydyr.
Ilatyň
saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde berkarar etmek
amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu
syýasat bolsa durmuş ugurlydyr.
Döwlet
Baştutanymyzyň yzygiderli welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk
bolmak bilen, tutuş dünýäde meşhurlykdan peýdalanýan hem-de ekologik taýdan
arassa bolan welosiped sportuny ýurdumyzda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri
açýar.
Mälim bolşy ýaly,
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli
ýörişleri geçirmek boýunça ajaýyp we asylly däbiň başyny başlady. Bu başlangyç
watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan
giň gerimli sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şol çäreler
adamlaryň saglygyny berkitmäge, raýatlarda daşky gurşawa aýawly garamak
duýgusyny kemala getirmäge ýardam edýär.
Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen
Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň
özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgeleriniň halkara derejede ykrar
edilýändiginiň, ýurdumyzyň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek,
milli we ählumumy derejede durnukly ösüşiň esaslary hökmünde jemgyýetde
ekologik dünýägaraýşy berkarar etmek ulgamynda ýurdumyzyň tagallalaryna
berilýän ýokary bahanyň nobatdaky subutnamasydyr. Sagdynlyk, raýdaşlyk,
dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat
gymmatlyklaryny alamatlandyrýan bu senäniň döredilmegi parahatçylygyň ilçisi
hökmünde sporty wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
2022-nji ýylyň
15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy
sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly
ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag
ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi nobatdaky
möhüm ädim boldy. Dünýäniň 62 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş
etdi. Bularyň ählisi parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, ynsanperwerlik we
netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasaty yzygiderli durmuşa
geçirýän Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny
görkezýär.
2018-nji
hem-de 2019-njy ýyllarda Aşgabatda welosiped bilen bagly Ginnesiň rekordlar
kitabyna girizilen iki çäräniň geçirilendigini bellemek gerek. Şol çäreler,
degişlilikde, “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” hem-de welosipedçileriň
2019-syny birleşdiren “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” diýen
derejelere mynasyp boldy.
Soňky ýyllarda
ýurdumyzda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artýandygyny, onuň
ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigini bellemeli. Munuň özi
köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda döwlet
tarapyndan edilýän tagallalaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky
beýanydyr. Welosiped ulagyň ýönekeý we elýeterli görnüşi bolmak bilen, gezelenç
etmek üçin amatly ulag serişdesi hasaplanýar. Welosiped sürmek boş wagtyňy
ýylyň islendik paslynda açyk howada gyzykly, peýdaly geçirmäge mümkinçilik
berýär. Ylmyň subut edişi ýaly, welosipedli gezelenç edilende adamyň bedeniniň
çydamlylygy, işe ukyplylygy ýokarlanýar, bogunlar we myşsalar, nerw ulgamy
berkeýär.
Welosiped
sporty bilen meşgullanmak arterial gan basyşyny durnuklaşdyrmaga, ýürek-damar
we beýleki keselleriň döremek howpuny azaltmaga ýardam edýär, energiýa
çalşygyny kadalaşdyrýar, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrýar, ynsanyň uzak
wagtlap sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, welosipedli gezelenç
etmek, ýadawlygy aýyrmaga, artyk kaloriýalardan dynmaga mümkinçilik berýär.
Umuman, bularyň ählisi adamyň özüni duýşuna, onuň fiziki hem-de psihologik
ýagdaýyna oňyn täsir etmek bilen, bedeniň ähli babatda sagdyn bolmagyna ýardam
berýär. Şeýle hem welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşidir. Munuň
özi bolsa ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete
eýedir. Daşky gurşawa aýawly garamak şol syýasatyň möhüm ugrudyr.
Hormatly
Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda keşbi düýpli özgeren we
bagy-bossanlyga bürenen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini synlady.
Bu ýerde her ýylda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi esasynda deňziň
kenarynda tokaý zolaklarynyň çägi giňedi we seýilgähleriň sany artdy. Adamlaryň
gezelenç etmegi, oňaýly dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän
dynç alyş zolagynyň şertleri häzirki zamanyň ösen talaplaryna, halkara
görkezijilere doly laýyk gelýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologik
abadançylygy üpjün etmek, Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek,
Diýarymyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap
saklamak, biodürlüligini baýlaşdyrmak hem-de ylmy taýdan düýpli öwrenmek
boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Awazanyň çäginde döredilen seýilgäh
zolaklary, suw çüwdürimleri bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalar we
Hazaryň kenarynyň esasy bezegine öwrülen belent başly binalar bilen bir bitewi
sazlaşygy emele getirýär. Bu bolsa adamlaryň şatlygyna şatlyk goşup, olary täze
belentliklere ruhlandyrýar.
Tutuş
ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde hem bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge
aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki hereket etmek, gezelençleri amala aşyrmak, boş
wagtyňy peýdaly we işjeň geçirmek üçin ajaýyp serişde bolan welosiped ulagyň
ekologik taýdan iň arassa görnüşi bolmak bilen bir hatarda, sport ulagy
hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir. Welosipedli gezelençler saglyk üçin örän
peýdaly bolmak bilen, daşky gurşawyň gözelligine syn etmäge mümkinçilik berýär.
Wagtyňy açyk howada geçirmek, aýratyn-da, säher çagyndaky gezelençler ruhuňy
belende göterýär, güýç-kuwwatyňy artdyrýar.
Awazada dynç
alýanlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny, olaryň saglygyny berkitmekleri üçin
ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek gerek. Bu ýerde göwnejaý dynç
almak üçin döredilen şertler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
durmuş ugurly syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol
syýasatyň esasy maksady Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyny
üpjün etmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, diňe bir
ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giň ykrarnama eýe bolan ajaýyp
däpler “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alýan Arkadagly
Serdarymyzyň syýasaty esasynda üstünlikli dowam etdirilýär.
Hazaryň
kenaryndaky bu täsin tebigy dynç alyş zolagynda ajaýyp şypahanalar,
bejeriş-sagaldyş bölümlerini öz içine alýan myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we
dynç alyş merkezleri, maşgala bolup dynç almak üçin niýetlenen kottejler, sport
toplumlary guruldy we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Amatly howa şertleri
hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasynyň baý şypahana kuwwaty, iň döwrebap
tehnologiýalardan, innowasiýalardan, öňdebaryjy binagärlik hem-de
inženerçilik-tehniki pikirden ugur alynmagy, öňde goýlan maksatlara ýetmek
babatda oýlanyşykly çemeleşmeler eziz Diýarymyzy halkara syýahatçylygyň,
şypahana-dynç alşyň we sportuň ykrar edilen merkezine öwürýär.
Soňra döwlet
Baştutanymyz “Awaza” sport toplumyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow türgenleşik enjamlarynyň birnäçesinde dürli maşklary
ýerine ýetirdi.
Bellenilişi
ýaly, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygyňy berkidýär,
adamyň ortaça ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär, işjeňligini üpjün
edýär. Şoňa görä-de, sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar bolýan ýurdumyzda sport
muşdaklarynyň sany yzygiderli artýar.
Ýöriteleşdirilen
sport enjamlarynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek bedeniň ähli
agzalarynyň işjeňligini artdyrýar, gujur-gaýratyňy, ruhubelentligiň
ýokarlandyrýar, gan basyşynyň durnuklaşmagyna ýardam edýär. Sport toplumynda
sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilendigini
bellemeli. Ol döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde
ornaşdyrylan köpugurly trenažýorlar dürli ýaşdaky tejribeli türgenler, şeýle
hem höwesjeňler üçin netijeli türgenleşikleri geçirmäge mümkinçilik berýär.
Sport
enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň
taplanmagynda, adam saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Sport
enjamlarynda ýerine ýetirilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmegi
aýratyn wajypdyr. Munuň özi saglygyňy berkitmekde ähmiýetlidir.
Döwlet
Baştutanymyz türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge örän
jogapkärli çemeleşmek bilen, sportuň dürli görnüşlerini höweslendirmek we wagyz
etmek meselelerini hem hemişe üns merkezinde saklaýar. Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek,
köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty wagyz
etmek, halkara derejeli iri sport döwleti hökmünde Türkmenistany ösdürmek
boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda
sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine
hem-de oňa ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde
uly üns berilýär. Munuň özi öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti
bolup durýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak saglygy
hemmetaraplaýyn berkidýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülýär. Bu ugurda
alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär.
Bu gün
Diýarymyzda sportuň ösüşi täze derejä çykdy. Türkmen türgenleri iri halkara
ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň özi
Türkmenistanyň dünýäniň sport giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrmaga
ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow “Awaza” sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip,
bu ýerden ugrady.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi