Dokma önümlerini öndürýän türkmen öndürijileri öz harytlaryny halkara bazarda üstünlikli ýerlediler. 8-nji awgustda biržada söwdalarynda jemi bahasy 1 305 720 amerikan dollary bolan bäş geleşik baglaşyldy.

Türkmenistan Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, Beýik Britaniýanyň kompaniýalary türkmen hususy kärhanalaryndan jemi 291 500 amerikan dollaryna ýeke düşeklik we goşa düşeklik toplumlary satyn almak barada geleşik baglaşdy.

Türkiýeli işewür toparlarynyň wekilleri türkmen kärhanalary bilen geleşik baglaşyp, jemi 1 014 220 amerikan dollaryna pagta ýüplük satyn aldylar.

Çeşme: Türkmenistan Döwlet haryt we çig mal biržasy