Ýakynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň, “Belli” hojalyk jemgyýetiniň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşykda Ýaponiýanyň Kansaý prowinsiýasynyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä EXPO-2025 sergisine taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda, bu halkara sergide Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygy babatynda pikir alyşyldy.

Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen bu ugurda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi