Şu
ýylyň dört aýynda, ýagny ýanwar — aprel
aýlary aralygynda Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy
28,91 million ýewrodan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.
Hasabat
döwründäki bu görkeziji, geçen ýylyň ilkinji dört aýy bilen deňeşdirilende, 3,1
esse ýokarydyr. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 9,27 million
ýewro barabar bolupdy.
Türkmenistanyň
2023-nji ýylyň ýanwar—aprel aýlarynda Fransiýa eksporty, takmynan, 3,29 million
ýewro boldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli aýlary bilen deňeşdirilende, 2,4
esse köpdür (1,34 million ýewro).
Türkmenistanyň
şu ýylyň ilkinji dört aýynda Fransiýadan importy, 2022-nji ýylyň degişli döwri
(7,93 million ýewro) bilen deňeşdirilende, 3,2 esse artyp, 25,62 million ýewro
ýetdi.
Şeýle hem
2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 40,67
million ýewro boldy, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 6,75 göterim köpdür (38,1
million ýewro).
Mundan
başga-da, 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistan bilen ÝB ýurtlarynyň
arasyndaky söwda dolanyşygy 345,67 million ýewrodan gowrak boldy. Bu bolsa
2022-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlanyp, 312,88
million ýewro barabar boldy.