Türkmenistanyň
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dürli maksatly 49 döwlet emlägini satmak üçin
bäsleşikli söwda geçirer. Bu baradaky bildiriş şu gün «Neýtralnyý Turkmenistan»
gazetinde çap edildi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Suw serişdeleri baradaky döwlet
komitetiniň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň
gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, «Türkmenhaly» döwlet
birleşiginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmenbaşy» paýdarlar
täjirçilik bankynyň, Aşgabat şäheriniň, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň
häkimlikleriniň obýektleri hususylaşdyrylar.
Ýokardaky gurluşlaryň emlägini hususylaşdyrmak isleýän hususy pudagyň wekilleri has giňişleýin maglumat alyp bilerler. Söwdalar 24-nji awgustda ir sagat 10:00-da www.е.fineconomic.gov.tm döwlet emläkleriniň sanly söwda platformasynda geçiriler. Arzalary kabul etmek we hasaba almak söwdalaryň başlamazyndan bir gün öň tamamlanýar.