5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary
işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň
wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň
Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý
hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada
pikir alyşdylar.
Şu nukdaýnazardan, M.Bäşimowa häzirki
wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma
bildirilýän ugurlar boýunça okgunly ösýändigini belledi.
Wajyp ugurlaryň biri medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan medeniýet,
bilim, ylym ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle hem hytaý dilini
öwrenmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar syýasaty pudagynda
hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma
bildirildi.
Taraplar Türkmenistanyň bilen Gansu
welaýaty arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Bu ugurda Gansu
welaýatynda ýerleşýän Lançžou we Aşgabat şäherleriniň doganlaşan
gatnaşyklarynyň ähmiýeti belellenildi.
Şeýle
hem, Hytaý tarapy Türkmenistany şu ýylyň 6-8-nji sentýabr aralygynda Gansu
welaýatynyň Dunhuang şäherinde geçiriljek “Ýüpek ýoly” 6-njy halkara
medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.