4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üç taraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi tarapyndan habar berildi.

Taraplar özara gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlarynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň Baştutanlary halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler babatda pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň ýakyn wagtda geçiriljek üç taraplaýyn duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygynyň ösmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.