Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üç taraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşyk Arkadag myhmanhanasynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara we sebit derejesinde özara gyzyklanma bildirilýän syýasy meseleler dogrusynda pikir alyşdylar.

Iki goňşy döwletiň Prezidentleri ýakyn wagtda geçiriljek Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üç taraplaýyn sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň ösmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdiler.