Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistan bilen Hytaý
Halk Respublikasynyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 12,3 göterim ýokarlandy. Muny Hytaýyň baş gümrük
gullugyna salgylanyp, «Biznes Türkmenistan» habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun
aýlarynda iki ýurtduň arasyndaky özara söwdanyň umumy mukdary, takmynan, 5,55
milliard dollara barabar boldy.
Söwda dolanyşygynyň esasy bölegi türkmenleriň
eksportynyň paýyna düşdi diýlip, habarda aýdylýar. Hasabat döwründe Türkmenistan Hytaýa 5,07 milliard
dollarlyk haryt eksport etdi. Olardan 5,05 milliard dollardan gowragy gaz
eksportyna degişlidir.
Degişli
döwürde Türkmenistanyň Hytaýdan import eden harytlary 476 million dollara
barabar boldy.