Türkmenistanyň Pariždäki ilçisi Maksat Çaryýew we
Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň Kontinental Ýewropa bölüminiň müdiri
Bris Rokfeý gepleşik geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet we energetika
pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýakyn wagtda geçiriljek bilelikdäki
duşuşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada
centralasia.news Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň sosial ulgamlaryna
salgylanyp habar berýär.
Ýakyn geljekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-fransuz toparynyň we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň duşuşygy guralar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň ilçisi we Fransiýanyň Daşary
işler ministrliginiň wekili ýokary we has ýokary derejeli saparlaryň guralyşyna
aýratyn üns berdiler.