Türkmenistanyň
Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow
golaýda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýene ynanç
hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar
berýär.
Söhbetdeşligiň
dowamynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda
hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklandy.
Şunuň bilen
baglylykda, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň
mümkinçiliklerini belledi.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky
gatnaşyklary netijeli ilerletmäge taýýarlygyny bildirdiler.