31-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid
Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň
agzasy, Sinhaý prowinsiýa komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy
habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý
hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar
boýunça hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi nygtaldy.
R.Meredowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň
arasyndaky gatnaşyklaryň tapawutly aýratynlygy ol hem Döwlet Baştutanlary
derejesinde işjeň dialogyň saklanýandygynda, şeýle gepleşikleriň dowamynda
dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri ara
alnyp maslahatlaşylýar.
Parlament diplomatiýasynyň uly ähmiýeti tassyklanyldy,
şonuň bilen birlikde, iki döwletiň arasyndaky üstünlikli gatnaşyklaryň möhüm
ugry bolan parlamentara hem-de partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli
ösdürilýändigi nygtaldy.
Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda,
BMG-niň çäginde Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy
bellediler. Halkara gün tertibiniň köp meseleleri boýunça taraplaryň meňzeş
ýa-da ýakyn garaýyşlaryny beýan edýändikleri hem nygtaldy.
Iki ýurduň "Merkezi Aziýa - Hytaý"
görnüşindäki dialogyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga
ygrarlydyklary tassyklanyldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi barada aýtmak
bilen, söhbetdeşler ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösüşini bellediler we bu
ugurda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Şu
nukdaý nazardan, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirildi.
Taraplar
bilim, ylym we medeni ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp
barylýandygyny bellediler.