Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň söwdalarynda 14 geleşik hasaba alnyp, olaryň umumy mukdary 11 million 616 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada turkmenistaninfo.gov.tm web sahypasynda habar berildi.Söwdalarda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropilen, uçar kerosinin, suwuklandyrylan gaz, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid satyldy. Önümleri satyn alanlaryň hatarynda BAE-niň, Maltanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bar.

Şeýle hem Türkiýäniň, Gonkongyň, Gyrgyzystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Azerbaýjanyň telekeçileri boýalan tüýjümek önümleri, gaplamak üçin niýetlenen matalary, pagta ýüplüklerini, distillirlenmedik çig ýag turşulyklaryny daşary ýurt puluna satyn aldylar.