Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli
guramasy bolan "GS1 Türkmenistan" kompaniýalary we harytlary “Global
Registry” öndürijileriň hem-de satyjylaryň halkara katalogynda hasaba almak
boýunça işe başlady. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu iş dünýädäki bölek satuw
bilen meşgullanýanlaryň we GS1 halkara guramasynyň standartlaryny ulanýan dünýä
markalarynyň öňdebaryjy öndürijileriniň täze global başlangyjy bilen baglanyşykly
bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, "Global Registry" düşünjesi
2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda işe girizilip, ol önüm öndürijiden sarp edijä
çenli üpjünçilik zynjyrynda açyklygy üpjün edýän we galp önümlere garşy
göreşýän halkara önüm katalogyny döredýär.
"GS1 Türkmenistan" guramasyndaky
kämilleşdirilen haryt maglumat bazasy önüm baradaky maglumatlary birnäçe gezek
girizmek çykdaýjylaryny azaltmaga, ýüze çykýan ýalňyşlyklary aradan aýyrmaga we
üpjünçilik zynjyrynda haryt barada maglumatlaryň yzygiderliligini üpjün etmäge,
şeýle hem sarp edijilere harytlaryň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan
resminamalar boýunça maglumatlara awtomatiki gözegçilik etmäge ýardam berer.
Bu ugurda işlemek üçin türkmen kompaniýalary we
öndürijileri guramany belli bir nusga boýunça öndürilen önümleriň suratlary
bilen üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli
guramasy 2014-nji ýylyň 27-nji martynda döredildi. 2015-nji ýylyň maýynda
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy Brýussel
şäherinde baş binasy bolan GS1 halkara guramasynyň doly hukukly agzasy boldy we
“GS1 Türkmenistan” brendini peýdalanmaga hukuk aldy.