Lebap welaýatynda şu ýylyň geçen alty aýynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 7 milliard 259,1 million manada barabar boldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,6 göterim artykdyr diýlip, «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.

Iýun aýynda öňki aý bilen deňeşdirilende birnäçe harytlyk önümleriň nyrhlarynyň peselendigi-de bellenildi. Has takygy, şeýle oňyn görkeziji düýp sogan (20,68%), ýeralma (10,31%), kelem (8,12%), dürli gök otlar (9,20%) we beýleki käbir azyklyk harytlar boýunça hasaba alyndy.

Söwdanyň döwlete degişli böleginde haryt dolanyşygy durnukly artyp, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň umumy möçberinde 10% barabar boldy.