Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça komitetiň başlygy we Arkadag şäheriniň
häkiminiň gatnaşmagynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş
direktory Mihael Harms bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Halkara habarlar
merkezi habar berdi.
Onuň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köpugurly
gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Duşyşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň
yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy we onda
gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň taslamalary boýunça
gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Gepleşikleriň barşynda nemes Germaniýa tarapynyň wekilleri
öňdebaryjy tehnologiýalar ugurda özüniň toplan tejribesini, täzeçil ylmy we
önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny aýtdylar.
Duşuşykdan soňra German ykdysadyýetiniň Gündogar
komitetiniň baş sekretary Arkadag şäheri bilen tanyşdy.