Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Singapuryň Prezidenti Halima Ýakoba ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi.

Duşuşykda ilçi Türkmenistanyň Singapur bilen «akylly» şäherleri gurmak we dolandyrmak ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.  

Şeýle hem Türkmenistanyň ýurduň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň taslamasy boýunça iri we halkara gurluşyk taslamalaryny işjeň öňe sürýändigi we durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Singapuryň Prezidenti diplomat bilen geçirilen söhbetdeşlikde ony jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky işjeň goşandy üçin iň gowy arzuwlaryny aýtdy.