Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow
ýurduň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek gullugynyň Geňeşiniň başlygy Orhan
Mamedow bilen duşuşdy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet habarlar gullugy habar
berdi.
Duşuşykda taraplar işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem bu
ugurdaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar işewürler gatnaşyklary berkitmäge we tejribe
alyşmaga gyzyklanma bildirdiler.