25-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid
Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar
komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň
DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen
Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp
maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde
oňyn netijeler nygtaldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekde ileri
tutulýan ugurlar barada aýtmak bilen, R.Meredow «ýaşyl» tehnologiýalar,
önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, şeýle hem bilim
ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.