Türkmenistanly telekeçiler «Smart China Expo 2023» intellektual senagatynyň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Sergi Hytaýyň Çongçin şäherinde 2023-nji ýylyň 4 — 6-njy sentýabry aralygynda geçirilýär.

Tehniki sergi üçin onlaýn we offlaýn görnüşinli sergi stendlary taýýarlanylýar. Bu çäre intellektual önümçilik we intellektual transport ýaly 30-dan gowrak ugurlarda akylly tehnologiýalaryň amalyýetde ulanylyşynyň müňden gowrak usullary görkezer.