Türkmenistan BMG-Habitatyň edarasyny ýerleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi

 

Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew bilen BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) ýerine ýetiriji direktory Maimouna Mohd Şerifiň arasynda duşuşyk geçirildi.

«Orient»-niň habar bermegine görä, bu gepleşikleriň barşynda S.Joraýew Türkmenistanyň ýurtda BMG-Habitatyň edarasyny ýerleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Joraýew Türkmenistanyň BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasyny bilen özara täsiriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynda şäher syýasatynyň, ykdysadyýetiň we maliýe ösmegine şert döredýändigini aýtdy. Bu hyzmatdaşlygyň ilatly ýerleri meýilleşdirmek we taslamak ýörelgelerini ösdürmäge oňyn täsir edýändigini aýtdy.

Söhbetdeşler şu ýylyň 29-njy iýunynda açylan Türkmenistanyň ilkinji «akylly şäheri» Arkadag şäherine aýratyn üns çekdiler. Ministr soňky açylyş dabarasyna gatnaşandyklary we «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça teklipleri üçin maksatnamanyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministri BMG-Habitatyň hünärmenlerini şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistana çagyrdy. Şeýle hem, Maimouna Mohd Şerife Türkmenistanyň BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň dostlar toparynyň agzasydygyny ýatlatdy.