Türkmenistan
Er-Riýad şäherinde geçiriljek «Foodeх Saudi» söwda sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurduň
daşary ýurtlarda geçiriljek halkara forumlara gatnaşmagy hem-de olaryň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habar gullugy habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga
taýýarlyk görlüşi, ýurduň 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji
marty aralygynda tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, çölleşmäniň öňüni
almak, suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri,
«ýaşyl» şäher bilen bagly meselelere bagyşlanan «EKSPO — 2023 Doha» halkara
sergisine gatnaşmagy barada aýdyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saud
Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek
«Foodeх Saudi» atly Х halkara söwda sergisine gatnaşmagy
boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bütindünýä
sergilerine, forumlara gatnaşmagynyň ýurtda halkara bileleşige özüniň gazanýan
üstünliklerini giňden görkezmäge we dürli ulgamlarda dünýäniň öňdebaryjy
tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Döwlet
Baştutany ýurduň daşary ýurtlarda geçiriljek halkara sergilere gatnaşmagyna
guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu
babatda anyk tabşyryklary berdi.