Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi.
Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdy mundan beýläk-de syýasy, durmuş-ykdysady we medeni
taýdan ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň
taslamalaryny işläp taýýarlamak işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. ÝHHG-niň wekili, Ýaponiýanyň
daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasarynyň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem-de Eýranyň ýurtdaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň
deputatlary we hünärmenleri ýurduň degişli döwlet edaralarynyň halkara
guramalar bilen bilelikde geçiren birnäçe çärelerine gatnaşdylar. Şunuň bilen
birlikde, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine
bagyşlanan giňişleýin mejlisinde bellenilen wezipeleriň, döwletimizde amala
aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatlaryny, kabul edilýän möhüm
çözgütleriň many-mazmunyny, Watanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň
syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada habar berildi.
Döwlet Baştutany hereket edýän kanunlary mundan
beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, durmuş
üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek üçin görülýän
çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ilaty
durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda taýýarlanan Türkmenistanyň
öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň
hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary
bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň ýurduň amala aşyrýan durmuş syýasatynyň
esasy ýörelgesi bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, bu ulgamdaky
gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk
getirmäge aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutany nygtady we wise-premýere
bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow
gözegçilik edýän pudaklarynda, hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
kärhanalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen
baglylykda, pudaklaýyn düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we işe
energiýany tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna nebit
guýularyny netijeli özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi
hem-de olaryň maksadynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi, eksport
mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin
baý tebigy serişdeleri, nebitgaz pudagynyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny
netijeli peýdalanmakdan ybaratdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça
meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle
hem pagta ýygymynda ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme
taýýarlamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.
Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş
işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny
ýygnap almak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlary bolelin üpjün etmek
boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýzlük ekişine
taýýarlyk görülýär. Şeýle-de wise-premýer Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly
ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen
meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine
ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlaryň
ekiş möwsümine taýýarlanylyşyny, ýurduň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň
agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilişini,
güýzlük ekinleriň ekişine taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamak
babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew
ýurduň daşary ýurtlarda geçiriljek halkara forumlara gatnaşmagy hem-de olaryň
ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» Bütindünýä
sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görlüşi, ýurduň 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry —
2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda tebigy serişdeleri we daşky gurşawy
goramak, çölleşmäniň öňüni almak, suw serişdelerini tygşytlamak, gaýtadan
dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» şäher bilen bagly meselelere bagyşlanan
«EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşmagy barada aýdyldy. Mundan
başga-da, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde şu
ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek «Foodeх Saudi» atly Х halkara söwda sergisine gatnaşmagy boýunça degişli
işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp,
Türkmenistanyň Bütindünýä sergilerine, forumlara gatnaşmagynyň ýurtda halkara
bileleşige özüniň gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge we dürli ulgamlarda
dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini
belledi. Döwlet Baştutany ýurduň daşary ýurtlarda geçiriljek halkara sergilere
gatnaşmagyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip,
wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna
«Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkezini gurmak
hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow
hödürlenen resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
M.Mämmedowa ýurduň medeniýet toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary
bilen türkmen halkynyň milli medeni mirasyny dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça
möhüm işler amala aşyrylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek,
dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler
görülýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň medeni
ulgamyny kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi hem-de alnyp barylýan bu işleriň
Diýaryň ähli ugurlarda okgunly ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini aýdyp,
wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Amannepesow ýurduň ylmy kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasion tehnologiýalary işläp
taýýarlamaga, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary
boýunça geçirilýän ylmy barlaglaryň netijelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga,
olary önümçilige işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala
aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp,
ylmy-tehniki özgertmeleriň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly, innowasion ösüşi
üçin möhüm şert bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ylym bilen
önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, ýokary
tehnologiýalara esaslanýan ylmy-tehnologik merkezleriň işini kämilleşdirmegiň,
bu babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň möhümdigine aýratyn ünsi
çekip, wise-premýere bu ugurdaky işleri ilerletmek babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de
işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň
birinji ýarymynyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet
Baştutanyň beren anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary
işler ministrligi degişli işleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji
ýylyň ikinji ýarymynda boljak çäreleriň Tertibi işlenip taýýarlanylýar. Soňra
bu Tertip hormatly Prezidentiň garamagyna hödürlenilýär.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler
ministri şu ýylyň ahyryna çenli Bitarap döwletiň daşary syýasy ugruny netijeli
durmuşa geçirmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi. Şeýlelikde, Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna Türkmenistanyň
ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak teklip edilýär. Resminamada ählumumy
gün tertibiniň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge,
ekologiýa, daşky gurşawy goramaga, howanyň üýtgemegine, saglygy goraýşa,
ynsanperwer ulgama degişli möhüm meseleleri babatda ýurduň başlangyçlary we
çemeleşmeleri beýan ediler.
Şeýle hem «Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy
ugurlary hakynda orta möhletli Strategiýanyň» taslamasyny işläp düzmek teklip
edilýär. Bu resminamany işläp taýýarlamak dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi
Aziýa ýakyn künjeklerde emele gelen ýagdaýlary, geosyýasy şertleri nazara almak
bilen, şeýle hem «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» esasynda amala aşyrylar.
Häzirki wagtda howpsuzlyk ulgamynda sebit we ählumumy
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurda
netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň degişli
döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny
işjeňleşdirmegiň 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň» taslamasyny işläp
taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG, Ýewropa Bileleşigi,
ÝHHG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, beýleki abraýly guramalar, goňşy we beýleki
ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen birlikde, «Syýahatçylyk pudagynda
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin
Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bellenilişi
ýaly, bu ulgamda baý taryhy-medeni mirasa we tebigy gymmatlyklara eýe bolan
ýurduň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Maksatnama halkara syýahatçylyk
guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
tejribe alyşmaga, bilelikdäki çäreleri geçirmäge gönükdiriler. Şeýle hem döwlet
Baştutanyň garamagyna «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň
2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky
teklip hödürlenildi. Resminamada bu ugurda özara gatnaşyklaryň maksatlary,
wezipeleri hem-de esasy ugurlary kesgitleniler, ýerli haryt öndürijileri,
telekeçileri, ugurdaş düzümleri goldamak boýunça çäreler kesgitleniler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna
ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň dünýäniň döwletleri we abraýly halkara
guramalar bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürjekdigini nygtady.
Ýurdy özüniň döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga çalşyp,
häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy,
howpsuzlygy, abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe
sürýär. Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň
78-nji sessiýasyna gatnaşmaga düýpli we jogapkärli taýýarlyk görmegiň, şonda
beýan ediljek Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň üstünde içgin
işlemegiň zerurdygyny nygtady.
Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap
we ýokarda agzalan ugurlaryň wajypdygyna ünsi çekip, göz öňünde tutulan
çäreleriň amala aşyrylmagynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini, halkara guramalar bilen
netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz-derýa pudagynyň
işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurduň deňiz flotuny giňeltmek, Hazar deňziniň
türkmen böleginiň daşky gurşawyny goramak, pudagyň kadalaşdyryjy hukuk
binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň häzirki zaman
şertlerinde deňiz ulagy ulgamynda, Hazar deňziniň ekologik deňagramlylygyny
üpjün etmekde hem-de tebigaty goramak bilen baglanyşykly ähli wezipeleri
çözmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi we
agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ylmyň iň
täze gazananlaryna esaslanýandygyny aýtdy we Garaşsyz Watanymyzda örän gysga
taryhy döwürde ylym ulgamynyň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak, ony
dünýä derejesine çykarmak boýunça birnäçe işleriň durmuşa geçirilendigini
hem-de üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetiň
ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutany ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda
dünýä ylmynyň işläp taýýarlamalaryny ulanmagyň häzirki günüň wajyp şerti bolup
durýandygyna ünsi çekdi we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe
meselelere garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul
edildi.
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.