«Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek we onuň
işini düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan
Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol
çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine
Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň
taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz
garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş
edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik,
aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde
baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we Söwda merkezini
2025-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu
barada TDH habar berýär.