Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň wekiliýetine
ýolbaşçylyk edip Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň
Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşygy boldy. Ikiçäk we
giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde parlamentara gatnaşyklaryň häzirki
ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Paýtagtymyzyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen
Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim
Çžin Pýo we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary mähirli garşylanyldy.
Günüň ikinji ýarymynda Koreýa Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän ýeri
bolan Maslahat köşgüne geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Soňra Gahryman Arkadag we dostlukly ýurduň Milli
Assambleýasynyň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik
surata düşdüler.
Maslahat köşgüniň «Deňiz han» otagynda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim
Çžin Pýonuň ikiçäk duşuşygy boldy.
Gahryman Arkadag çakylygy
kabul edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelendigi üçin belent mertebeli
myhmana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Milli Lider özüniň geçen ýylyň
noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular
bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Koreýa Respublikasynyň
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridigini belläp,
Gahryman Arkadag şu ýyl ýurtda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň baýram
ediljekdigini aýtdy we myhmany guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk derejesi iki gezek
ykrar edilen döwlet bolup durýar. Koreýa Respublikasynyň bu ugurda degişli
Kararnamalary goldandygyny aýdyp, hormatly Arkadag munuň üçin dostlukly ýurduň
ýolbaşçylaryna öz minnetdarlygyny beýan etdi.
Şu gezekki duşuşygyň iki
ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime
öwrüljekdigini belläp, Milli Lider ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň
gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar üçin oňyn mümkinçilikdigini aýtdy. Bu
bolsa Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky strategik
hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda, hususan-da,
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde
üstünlikli ösdürilmegine zerur üns berilýär. Munuň özi syýasy-diplomatik ugurda
ýola goýulýan hyzmatdaşlykda parlament diplomatiýasynyň ornunyň
pugtalanýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, Gahryman Arkadag sözüni dowam etdi.
Bu barada aýtmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara dostluk
toparynyň alyp barýan işlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunda
öňdebaryjy koreý işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň hem-de
gepleşikleriň geçirilmegine zerur üns berilýär.
Ikiçäk duşuşygyň dowamynda
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo, öňi bilen,
türkmen topragyndaky myhmansöýerlik we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ýokary
guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin wekiliýetiň agzalarynyň adyndan
hoşallyk bildirdi.
Kim Çžin Pýo Koreýa
Respublikasynda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerine,
ýeten derejesine uly gyzyklanma bilen syn edilýändigini belläp, öňdebaryjy
koreý kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan
gyzyklanmalaryny beýan etdi. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň iri
kompaniýalary geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz ornuny
pugtalandyrýarlar.
Şu gezekki duşuşygyň
ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam
bildirip, belent mertebeli myhman iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň
bardygyny kanagatlanma bilen belledi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň
wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony türkmen
topragynda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Türkmenistana resmi sapar bilen
gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.
Gahryman Arkadag geçen ýylyň
noýabrynda Koreýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda Onuň Alyhezreti,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol we Milli Assambleýanyň Başlygy
bilen geçirilen duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-koreý
gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösmegine aýratyn itergi berendigini belledi.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadag Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun
Sok Ýola özüniň gyzgyn salamyny we çuňňur hormaty baradaky ynandyrmalaryny
beýan etdi we şu günki duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli
ugurlar boýunça giňeltmek hem-de güýçlendirmek meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçiligi döredýändigini belledi.
Türkmenistanyň Koreýa
Respublikasy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ugurlarda deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýändigini belläp,
türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň we Koreýa Respublikasynyň Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň dünýäde parahatçylygy,
durnuklylygy üpjün etmek bilen bagly başlangyçlaryna we tekliplerine özara
goldaw berýändiklerine ünsi çekdi. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir
ikitaraplaýyn hem ählumumy derejede däl, eýsem, «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» formatynyň çäklerinde-de özara gatnaşyklary berkidýär. Şunuň
bilen baglylykda, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlar boýunça
işjeň ösdürilýändigi bellenildi.
Gahryman Arkadag Seulda
geçirilen duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin parlament
diplomatiýasynyň ornuny güýçlendirmek we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy»
parlamentara forumyny döretmek barada pikir alşylandygyny aýdyp, Merkezi
Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji
duşuşygyny şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky
pikiriň doly goldanylýandygyny belledi.
Bu forumyň işine
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň
gatnaşjakdygyny belläp, Gahryman Arkadag forumyň dowamynda Türkmenistanyň
2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň
ýolbaşçylarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi
meýilleşdirýändigi barada habar berdi we koreý tarapynyň bu teklibi
goldajakdygyna ynam bildirdi.
Ikinjiden, ikitaraplaýyn
gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy
giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň parlament wekilleriniň aragatnaşygyny
güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadag Merkezi Aziýanyň we Koreýa
Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sentýabr aýynda Seulda
geçiriljek forumynyň çäklerinde Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme
maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi.
Üçünjiden, söwda-ykdysady,
energetika, ulag we logistika, sanlylaşdyrma, ýokary tehnologiýalar ýaly
ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, Milli
Lider koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp baran ýokary hilli işleri
bilen özlerini gowy tarapdan görkezendiklerini kanagatlanma bilen belledi.
Şunda «Hyundai Engineering» we «LG International» kompaniýalarynyň «Galkynyş»
gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça guran desgalaryny mysal hökmünde
görkezmek bolar. Şeýle hem koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Balkan
welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa
toplumy maliýeleşdirildi we guruldy.
Bu baradaky gürrüňi dowam
edip, Gahryman Arkadag Türkmenistanyň gaz we gazhimiýa pudaklarynda hem
hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Türkmenistan Koreýa bilen ulag
ugrunda-da işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda türkmen tarapy koreý
hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine uly gyzyklanma
bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, koreý kompaniýalary Türkmenistanda dürli
ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşyp bilerler diýip, Gahryman
Arkadag aýtdy.
Dördünjiden,
medeni-ynsanperwer ugurda hem örän köp işler amala aşyrylýar. Bu babatda
2008-nji ýylyň sentýabrynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda koreý dili bölüminiň, 2019-njy ýylyň sentýabrynda
Türkmenistanda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwrenmek boýunça bilim
merkeziniň açylandygyny görkezmek bolar. Her ýyl Koreýa Respublikasynyň
Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda koreý ýokary okuw mekdeplerinde okamak
üçin ýaşlaryň arasynda açyk bäsleşigi geçirýär.
Türkmenistanyň ýaşlar
diplomatiýasynyň ornuna ýokary baha berýändigini belläp, Gahryman Arkadag
ýaşlaryň intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini has ýokary
derejede durmuşa geçirmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň ileri tutulýan
ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigini aýtdy. Bu babatda 2024-nji ýylda
Türkmenistanda häzirki zaman «akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen we koreý
ýaşlarynyň jemgyýetçilik başlangyçlary forumyny hem geçirmegi teklip edýärin.
Biziň lukmançylyk ugrunda-da uly mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen
baglylykda, geljekde Türkmenistanda Adaty koreý lukmançylyk merkezini açmak
mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin diýip, Gahryman Arkadag belledi.
Sportuň türkmen-koreý
ynsanperwer gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp,
Milli Lider Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çäklerinde ikitaraplaýyn bilelikdäki
hereketleri işjeňleşdirmegiň we Aziýa yklymynda iri sport çärelerini geçirmek
boýunça bilelikde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanlarynyň,
parlament we Hökümet derejelerinde yzygiderli guralýan özara saparlaryň
döwletara gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge ýardam berýändigini aýdyp,
türkmen halkynyň Milli Lideri koreý kompaniýalarynyň ýurdumyzda birnäçe
taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandyklaryny belledi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
ösdürilmeginde Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin
Pýonuň uly goşandy bar diýip, Gahryman Arkadag belledi we Türkmenistan bilen
Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlugy, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge
berýän şahsy ünsi üçin oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, birek-birege
hormat goýmak, ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen şu günki netijeli duşuşyk üçin
sagbolsun aýtdy hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has ynamly we
durnukly esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Koreýa Respublikasynyň
Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo resmi sapar bilen gelmek barada
iberilen çakylyk hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki duşuşygyň iki ýurduň parlamentleriniň
arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri
döretjekdigini nygtady. Şeýle hem ol ruhy-medeni mirasyň umumylygynyň
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny
belledi. Gahryman Arkadagyň geçen ýyl Koreýa Respublikasyna amala aşyran
saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze sahypany
açandygyny aýdyp, myhman bu gezekki duşuşyklaryň hem ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Koreýa Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Gahryman Arkadagy ählihalk tarapyndan
türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi bilen gutlady we uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy
bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem,
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem yzygiderli ösdürýändigini belläp, myhman öz
ýurdunda türkmen halkynyň medeniýetine we diline uly gyzyklanma
bildirilýändigini aýratyn nygtady. Bu bolsa ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli
ösdürmek boýunça oňyn tejribe toplanmagynyň baş şertini emele getirýär.
Dostlukly ýurduň Milli
Assambleýasynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly
gorlaryna eýe bolmak bilen, bu ýerde daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli
işleri alyp barmaklaryna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunuň bilen
baglylykda, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanda gaz we
gazhimiýa pudaklarynda amala aşyrylýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine
gatnaşmaga meýillidikleri bellenildi.
Kim Çžin Pýo koreý işewür
düzümleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen «akylly» şäher
konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina
ediljek önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligine uly
gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Koreýa Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň Başlygy ak mermerli Aşgabadyň özboluşly gözelliginiň haýran galdyrýandygyny
belläp, şäheriň häzirki zaman talaplaryna we milli binagärlik ýörelgelerine
laýyk desgalarynyň bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigini aýtdy. Mundan
başga-da, 2030-njy ýylda Koreýa Respublikasynda «EKSPO — 2030» Bütindünýä
sergisini geçirmek baradaky teklibi goldandygy üçin türkmen tarapyna öz
hoşallygyny beýan etdi.
Koreýa Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň Başlygy iki dostlukly halkyň ruhy we medeni umumylyklaryna
esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam
bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadag
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň
Başlygy Kim Çžin Pýony Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak
hakynda Permana gol çekendigini aýtdy. Milli Lider myhmany bu ýokary sylag
bilen gutlap, oňa we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryna berk jan
saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Koreýa Respublikasynyň
dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra Gahryman Arkadag
duşuşyga gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda Koreýa
Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo «Bitaraplyk»
ordenini gowşurdy.
Koreýa Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň Başlygy ýokary döwlet sylagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeniniň özüni täze ýeňişlere
ruhlandyrýandygyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek
ugrunda jogapkärçiligini artdyrýandygyny belledi, şeýle-de iki ýurduň
arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ähli zerur
tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Bu ýerde taryhy ähmiýetli
wakanyň hormatyna iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary bilen ýadygärlik surata
düşmek dabarasy boldy. Şeýle hem belent mertebeli myhmany sylaglamak dabarasy
tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar Maslahat köşgüniň «Oguz han» otagy
bilen tanyşdylar.
Koreýa Respublikasynyň Milli
Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Maslahat köşgüniň dürli derejedäki
mejlisleri geçirmek üçin niýetlenen otagynyň binagärlik we bezeg
aýratynlyklarynyň, onda forumlary hem-de maslahatlary geçirmek üçin döredilen
şertleriň, otagyň enjamlaşdyrylyşynyň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk
gelýändigini belläp, onuň gurluşygynda, bezeg işlerinde ulanylan serişdeleriň
derejesine ýokary baha berdi.
Soňra Gahryman Arkadag we
belent mertebeli myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, mähirli
hoşlaşdylar.