18-nji iýulda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri
S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorka amala aşyran saparynyň
dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary,
az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp
barýan kiçi ada döwletler boýunça ýokary wekili Rabab Fatima, BMG-niň Baş
sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Jinhua,
BMG-niň Baş sekretarynyň ösüş utgaşdyrmasy boýunça kömekçisi Oskar
Fernandes-Taranko, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş
Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň müdiri
Iwana Žiwkowiç bilen gepleşikleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň
resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda,
onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen gatnaşyklary ösdürmegiň
geljegi barada netijeli pikir alyşmalar bolup geçdi.
Şol günüň özünde Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli
foruma gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň
orunbasary M.Bäşimowa Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mariýa
Tripodi bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm
meseleleri, şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň giň toplumy boýunça
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.