17-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň
Koreýa Respublikasyna iş sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň
Premýer-ministri Han Doksun bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň
DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
B.Annamämmedow Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ösüş depgininiň ýokary derejesini kanagatlanma
bilen bellediler. Şeýle hem ägirt uly mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlygyň
geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Onuň dowamynda özara haryt
dolanyşygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dostlukly döwletiň kompaniýalary milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň ösüşine
we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşmagynyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň
netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Bu bolsa, iki ýurduň söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygynyň möhüm görkezijisidir.
Türkmen tarapy ýurduň Koreýa Respublikasy bilen milli ykdysadyýetleriň möhüm
ugurlary bolan ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma, ulag-kommunikasiýa we
oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge
taýýardygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy,
parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredip geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin «Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň uly mümkinçiligini
peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler.
Seul şäherinde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Koreýanyň iri kompaniýalarynyň we işewür
toparlarynyň wekilleriniň arasynda hem duşuşyk geçirildi.