18-nji
iýulda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Nýu-Ýorkda
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ösüş Maksatnamasynyň sebit
direktory Iwana Žiwkowiç bilen duşuşdy. Bu barada
Duşuşyk
türkmen wekiliýetiniň BMG-niň baş edarasyna ýurduň ikinji meýletin milli synyny
(VNR) ýokary derejede hödürlemek we Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür
üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine ýokary derejede ygrarlydygyny
tassyklamak üçin amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada
Türkmenistanyň daşary syýasy edarasy habar berýär.
Ikinji
VNR-iň taýýarlanylmagy BMG-niň ähli guramalarynyň işjeň goldawy bilen ýurduň
ähli möhüm ministrlikleri we edaralary, işewürleriň, ylmy guramalaryň, raýat
jemgyýetiniň wekilleri gatnaşan Durnukly ösüş boýunça global Gün tertibini
durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
Durnukly
ösüş maksatlarynyň 85 göterimi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet
we milli maksatnamalaryna birleşdirildi, bu dürli pudaklarda we ykdysady ösüş
ugurlarynda olary durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işlemäge, prosesi
utgaşdyrmaga we ýuwaş-ýuwaşdan göz öňünde tutulan maksatlara we netijelere
ýetilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Duşuşygyň
barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen BMG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk
barha giň gerime eýe bolýar. Her ýyl BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň
milli döwlet we döwlete degişli däl gurluşlar bilen bilelikde işleýän geljegi
uly ugurlary artýar.
Ministriň
belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň ykdysady
syýasaty giň gerimli özgertmelere, innowasiýa we sanly tehnologiýalary
ornaşdyrmaga, senagaty ösdürmäge, ulag we logistika merkezleriniň ulgamyna we
maliýe gurallaryna gönükdirilendir.
Serdar
Joraýew Iwana Žiwkowiçi Arkadag şäherine, şeýle hem 2023-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabarasyna
gatnaşmaga çagyrdy.