Birža söwdalarynda «B» kysymly karbamid (ýokary hilli) her tonnasynyň bahasy
Argus bahadan – 76 ABŞ dollaryna barabar bolan indirim bilen, birža
söwdalaşyklarynda 18-nji iýulda uly islege eýe boldy. Bu barada Türkmenistanyň
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýty habar berýär.
Birleşen Arap Emirliklerinden
gelen işewürler “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen «B» kysymly karbamidi
(ýokary hilli) umumy bahasy 3,416 million ABŞ dollaryna satyn almak barada
geleşik baglaşdylar. Şeýlelikde, söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 3,416
million ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.