Şu günler Azerbaýjanda türkmen wekiliýeti saparda bolýar. Türkmenistanyň Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm başlygy Myrat Myradowyň
ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň düzüminde transport, logistika, söwda we
birnäçe ugurdaş döwlet we hususy düzümlere wekilçilik edýän ýolbaşçylar bar.
Wekiliýetiň agzalary Azerbaýjanyň Alýat erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Ol
ýerde türkmen tarapy Alýat erkin ykdysady zolagynyň dolandyryş edarasynyň
ýolbaşçysy Waleh Aleskerow bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň
dowamynda Aleskerow wekiliýetiň agzalaryny Alýat erkin ykdysady zolagynyň işi
bilen jikme-jik tanyşdyrdy hem-de türkmen tarapyny bu döredilen mümkinçiliklerden
we şertlerden peýdalanmaga çagyrdy.
Duşuşykda
erkin ykdysady zolagyň geostrategiki ýerleşişi, salgyt we maliýe höweslendiriş
bukjasy, özboluşly hukuk binýady, ulanmaga taýýar infrastruktura, ulag we
logistika merkezleri bilen ýer bölekleri ýaly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Mundan ozal, türkmen
wekiliýetiniň Baku halkara deňiz portuna baryp görendigini habar beripdik.
Wekiliýetiň agzalarynyň Baku halkara deňiz portuna baryp görmeginiň esasy
maksady Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamagy ýokarlandyrmakda
hyzmatdaşlygy giňeltmekden, bu ugurda goşmaça mümkinçilikleri kesgitlemekden we
täze görnüşli ýükleriň daşalmagyny höweslendirmekden ybaratdyr .
Ýeri gelende bellesek, Amatly
geografiki ýerleşişe eýe bolan Türkmenistan we Azerbaýjan üçin ulag-üstaşyr
infrastrukturasynyň ösüşi möhüm ähmiýete eýedir. Şundan ugur alyp, ýurtlar
halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin
ulag pudagynda iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesini durmuşa
geçirýärler. Türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň esasy
maksady hem ulag-logistika ulgamynda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny has-da
ýokarlandyrmak bolup durýar.