Türkmenistanda milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa
goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy. Şeýlelik bilen serişdeleriň köp bölegi
önümçiligi, söwdany, infrastrukturany kämilleşdirmek we ilatyň ýaşaýyş
derejesini gowulandyrmaga gönükdirildi.
Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew
14-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim etdi diýip,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berdi.
Ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlary ýurtda
öndürilýän önümleriň (JIÖ) umumy mukdarynyň 16 göterimini emele getirdi.
Habarda bellenilişi ýaly, olaryň 49,4 göterimi senagat toplumlarynyň, 50,6
göterimi durmuş desgalarynyň gurluşygyna gönükdirildi.