14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2023-nji
ýylyň geçen alty aýyna bagyşlanan Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň
dowamynda maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew şu ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, Döwlet hem-de ýerli býujetleriň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynyň önümçilik
meýilnamalarynyň, Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň, öňde
goýlan wezipeleriň, desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişini seljermek
dowam etdirilmelidir diýip belledi. Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt
ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda
«elektron salgyt» ulgamyny doly işe girizmegi çaltlandyrmak zerurdyr diýip,
hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» we
«Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan
kadalaşdyryjy namalary taýýarlamak, bu ugurda halkara tejribäni öwrenip, işleri
netijeli guramak boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy.