Türkmenistanyň Prezidenti 14-nji
iýulda Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady
bilen, degişli resminama gol çekdi. Türkmenistanyň
Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, resminamada şeýle diýilýär:
1.
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
1)
býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň
we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;
2)
pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;
3)
talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmaly.
2.
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
1)
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini
2070 manat möçberde;
2)
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet
çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 605 manat möçberde;
3)
pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 500 manat
möçberde;
4)
döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 470 manat möçberde
bellemeli.
3.
Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1280 manat möçberde bellemeli
we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.
4.
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji
häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby
we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň
redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, olaryň esasy gurluş
birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini şu Permana 1 —
7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly.
5.
Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň
gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň
netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de
peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.