19-njy iýulda Saud Arabystanynyň
Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti
geçiriler. Bu barada «Saudi Gazette» penşenbe güni habar berdi.
Çeşmede bellenilişine görä, Saud
Arabystanynyň Patyşasy Salman ibn Abdul-Aziz Al Saud Aýlag döwletleriniň
hyzmatdaşlyk Geňeşine girýän ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň
ählisiniň ýolbaşçylaryna sammite gatnaşmak üçin çakylyk ýollapdyr.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji
ýylyň sentýabr aýynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde Aýlag döwletleriniň
hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary
işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirilipdi. Şol duşuşykda söwda, maýa
goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy
ýola goýmaga gönükdirilen 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki Hereketleriň
meýilnamasy kabul edilipdi.
Mundan başga-da, geçen ýylyň awgust
aýynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň
arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Bu resminama
taraplaryň arasynda söwda we ykdysady, energetika, suw üpjünçiligi hem-de azyk
howpsuzlygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Aýlagdaky arap döwletleriniň
hyzmatdaşlyk Geňeşi — alty sany arap ýurduny öz içine alýan sebitleýin gurama. Onuň düzümine Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap
Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany girýär.