Türkmenistan Ykdysady, durmuş we
medeni hukuklar barada halkara Ylalaşygyň ýerine ýetirilişi barada üçünji
hasabaty taýýarlaýar
Türkmenistan Ykdysady, durmuş we
medeni hukuklar barada halkara Ylalaşykda (ICESCR) durmuşa geçirilişi baradaky
üçünji hasabaty taýýarlaýar.
Habar berlişi ýaly, resminamanyň
taslamasyny taýýarlamak meselesi Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara
ynsanperwer hukugy babatyndaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmegi boýunça
Pudagara Komissiýanyň Iş toparynyň agzalary tarapyndan ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet,
hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «2021—2025-nji
ýyllar üçin adam hukuklary babatynda Türkmenistanyň Milli Hereket
meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine kömek» taslamasynyň çäginde guraldy. Oňa
halkara bilermen Tomas Baranowas hem gatnaşdy.
Bilermen bu hasabatyň işlenip
düzülmegine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek üçin raýat jemgyýeti
guramalarynyň wekilleri bilen aýratyn duşuşyk geçirdi.