Türkmenistanyň Mejlisinde 11-nji noýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda nemes diplomatyna Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem milli kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler barada jikme-jik maglumat berildi. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen möhüm kararnamalaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Hususan-da, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde üç gezek ykrar edilmegi, energiýa we ulag üstaşyr geçelgeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda dialogyň ornuny ýokarlandyrmak ýaly ählumumy başlangyçlaryň wajyplygy nygtaldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu babatda «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky köptaraplaýyn gepleşikleriň ykdysadyýet, energetika, ulag we ekologiýa ugurlarynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly itergi berýändigi aýratyn bellenildi.
Gepleşikleriň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi. Parlamentara gatnaşyklaryň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak we özara bähbitli taslamalary goldamak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýändigi bellenilip, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge özara taýýarlyk bildirildi.