2023-nji
ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili
A.Ataýewanyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa-Ýuwaş ummany
sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESCAP)
Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen, hususan-da, ulag we energetika, howanyň
üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek ugrunda, şeýle
hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň
(SPEKA) çäklerinde alnyp barylýan özara gatnaşyklar barada oňyn pikir alyşmalar
geçirildi.
Söhbetdeşligiň
başynda ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň Hökümetini Arkadag
şäheriniň açylmagy bilen gutlady hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň
(ECOSOC) howandarlygynda ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Hemişelik
wekilhana tarapyndan şu ýylyň 17-nji iýulynda guralýan “Durnukly şäher ulagy:
BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna
taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM-11) amala aşyrmakda Arkadag
şäheriniň modeli” atly çärä özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady.
Türkmenistanyň
Hemişelik wekili ESCAP-yň ýolbaşçylaryna we sekretariatyna 2023-nji ýylyň maý
aýynda Komissiýanyň 79-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Aral
deňziniň basseýni üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky kararyny
kabul etmek işinde türkmen tarapyna beren goldawy we işjeň hyzmatdaşlygy üçin
hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda durnukly ulag, energetika ykjamlygy hem-de özara baglanyşygy
ösdürmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde
söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.