Türkmenistanda bank kartlarynyň nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 18 milliard 521 million 969 müň manatdan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň çykarýan “Bank habarlary” elektron žurnalynda habar berilýär.

Şu döwürde terminallar arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 14 milliard 795 million 31 müň 231 manada ýetdi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň maglumatlaryna görä, “Elektron-söwda” ulgamy arkaly 2 milliard 894 million 192 müň 306 manatlyk, “Mobil bank” ulgamy arkaly bolsa 78 million 482 müň 268 manatlyk töleg geçirildi.

Mundan başga-da, bankomatlar arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 516 million 488 müň 104 manada, “Internet bank” ulgamy arkaly bolsa 7 million 496 müň 455 manada ýetdi.

Habarda görkezilişine görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 230 million 279 müň 166 manatdan gowrak nagt däl töleg geçirildi.